Markyň Hoş Habary 4‑nji bap | Ekin Tymsaly | İsa Filmi

#EkinTymsaly #İsaFilmi #HoşHabar 1. Isa kölüň ýakasynda halka ýene öwretmäge başlady. Daşyna şeýle uly mähelläniň üýşendigi zerarly köldäki bir gaýyga münüp oturdy. Tutuş mähelle bolsa kölüň ýakasynda, gury ýerde durdy. 2. Isa olara tymsallar arkaly köp zatlar öwretdi. Olara şu tymsaly gürrüň berdi: 3. «Gulak asyň! Bir daýhan ekin ekmäge çykýar. 4. Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň üstüne düşýär we guşlar gelip, ony çokýarlar. 5. Birnäçesi topragy az, daşly ýere düşýär. Topragy çuň bolmansoň, olar tiz gögerýär. 6. Ýöne gün gyzanda, kökleriniň ýokdugy zerarly, olar solup, guraýarlar. 7. Birnäç