Markyň Hoş Habary 1‑nji bap | Türkmen Dilinde İsa Filmi

#İsaFilmi #HoşHabar #Mark Ýahýa çümdürijiniň wagzy. 1. Bu Hudaýyň Ogly Isa Mesih hakdaky Hoş Habaryň başlangyjydyr. 2. Işaýa pygamberiň kitabynda şeýle ýazylan: «Öňüňden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin. 3. Çölde bir ses gygyrýar: „Rebbe ýol taýynlaň! Onuň ýodalaryny düzläň!“ diýýär». 4. Şunlukda, Ýahýa peýda bolup, çölde adamlary suwa çümdürýärdi. Ol adamlara günäleriniň bagyşlanmagy üçin toba edip, suwa çümdürilmeklerini wagyz edýärdi. 5. Tutuş Ýahudyýanyň we Iýerusalimiň ilaty onuň ýanyna gelýärdi. Olar günäleri üçin toba edip, Ýahýa tarapyndan Iordan derý