AB Owganystany demirgazygynda harby operasialary geirmge taarlanar

Geljek günlerde Owganystanyň demirgazygynda ýerli güýçler bilen Birleşen Ştatlaryň harby güýçleriniň “Yslam döwleti” toparyna garşy bilelikdäki harby operasiýalary geçirjekdigi barada habar berilýär. “” neşiriniň 29-njy noýabrda beren maglumatyna görä, giň gerimli “arassalaýyş” operasiýalarynyň geçiriljekdigi barada, Birleşen Ştatlaryň we NATO-nyň Owganystandaky harby missiýasynyň baş komandiri Jon Nikolson metbugat konferensiýada eden çykyşynda belledi. Amerikan harbylarynyň ýolbaşçylygyndaky planlara laýyklykda, söweşleriň Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Farýab we Jöwüzjan welaýatlarynda amala aşyryljakdygy aýdylýar. Belläp geçsek, Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän etraplaryndan gelip gowuşýan maglumatlarda, bu sebitde “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň sanyny artýandygy we olaryň barha işjeňleşýändigi habar berilýär. Bu toparyň söweşijileriniň arasynda daşary ýurtlularyň, şol sanda merkezi aziýalylaryň hem bardygy aýdylýar. Muňa garamazdan, Nikolson özüniň s